SIZDEN GELENLER

Myhman ataňdan uly

Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär. Bu häsiýet türkmen halkynyň milli däplerinde jemlenýändir we daýanýandyr.

Türkmenler sypaýy, açyk göwünli we myhmansöýer halkdyr. Bu häsiýetleri hem taryhyň ähli döwürlerinde saklapdyrlar we taraşlapdyrlar. Türkmenlerde myhman-ýaradanyň iberen adamy diýip hasap edilýär. Şonuň üçin türkmenlerde çagadan başlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli: “Myhman ataňdan uly” diýen nakyla eýerýärler. Bu nakylda ündelşi ýaly, türkmen halky myhmany sylap, oňa uly hormat goýýar.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly hem  özüniň “Meýdan ýoluksa” diýen şygrynda:

“Magtymguly öwüt bergil söz bile,

Eşiden deň bolmaz, gören göz bile,

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,

Namart özün gizlär, myhman ýoluksa”-

türkmenleriň gelen myhmany açyk, güler ýüz,  şirin söz bilen garşylamagyň juda möhümdigini nygtaýar we suratlandyrýar. Hat-da Magtymguly şeýle nesihaty özüniň “Göze myhmandyr” atly şygyrynda-da:

“Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,

Nana mätäç däldir, söze myhmandyr”-

obrazly sözler bilen has-da aýdyň beýan edýär. Umuman, Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmenleriň myhmansöýer däplerini  päk saklamak barada gymmatly öwüt-nesihatlaryny hem–de gelen myhmanyň göwnini götermegi maslahat berýär.

“Gülüp sözlemeseň gelen myhmana,

Gola taýak alyp uran ýalydyr…”

Orta asyr taryhy çeşmelere ser salsak, türkmenleriň  myhmansöýerlik häsiýetleri açylyp görkezilýär. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwan Lugat-at-Türk” atly işinde myhmansöýerlik ahlak kadalarynyň içinde aýratyn orny eýeleýär. Onuň şeýledigine awtoryň işinde getirilýän nakyllaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen görmek bolýar.

Euma kalsa kut kalýir

Haçan-da [seniň ýanyňa] myhman gelse, onuň bilen bagt we rowaçlyk gelerler. Taryhçy Abul Gazy Bahadur han “kut” sözüniň türk dilli halklaryň gadymy sözi bolup, “ömür, bagt, dowamat” manysyny berendigini aýratyn belläp geçýär. Bu bolsa türkmenleriň myhmana Alla tarapyndan ugradylan adam hökmünde irki döwürlerden garalandygyny aýtmaga esas berýär.

kalsa kaliý ýarlig bulub ýunjig euma

kaldur eanuk bulmiýş eaşig tutma euma

Eger-de myhman saňa ýüregini daş edip, sal-sal eşikli gelse, onuň öňünde bar bolan tagamyňy goýda kömek etmäge eglenme diýip bellenilýär.  Şeýle hem:

kalsa kişiý eatma açar urtar kula

Ol akyly açare azkul ukun eagzin kula

Eger-de adam saňa ýylgyryp gelen bolsa, onuň ýüzüne gyzgyn kül dökme –de ony mähremlik we begenç bilen kabul et.

Kä-te awtoryň myhmansöýerlik bilen baglanyşykly goşgularynda gadymy döwrüň ahmyrlary hem duýulýar.

“bardy earan kunuk kurup kutka sakar

Kaldiý ýawuz euýuk kurub eawniý ýikar

Myhmany kysmat [wekili] hasaplaýan adamlar gitdi, ýok boldy. Indi diňe çölde ýoluň golaýyndaky daşy ýa-da garantgy görülse çadyrlarynyň ýüplerini (myhman geler öýdüp) ýolýarlar diýip taňkydy göz bilen awtor belleýär.

kalsa euma tuşurkil tin sune anik earukluk

 earba saman ýagutgil bulsun ati ýarukluk

Haçan-da öýüňe myhman gelende, öňa ýardam etmege çalyş, oňa dem-dynç aldyrdyp, onuň atyna saman we arpa ber. [1]

anuk utru tutsa iukka sanmas

Türk dilli halklaryň bu nakyly myhman öýe gelende bar bolan nanyny gysganman beren adam uýalmaz manysyny beripdir.

Taryhy çeşmelerde orta asyrlarda türkmenlerde we türk dilli halklarda myhmana “gonak” diýilip tutulandygy bellenilýär. Hökümdar myhman kabul edende “beg gonaklady” diýip aýdylypdyr. Şeýle hem köp halatlarda türkmenleriň adam dünýäde bäş gün myhman diýlişi ýaly gonak sözi bu mana hem eýe bolupdyr.

Ýaga bakdyň uzuklady

Görüp seni ýazyklady

Ölüm ony gonaklady

E agyz e ijra, e agu sagdy

Ýagy uka basmarlady

Görüp seni geň galdy

Ölüm ony myhman aldy

Agzyna awy guýup. (A.J.)

“Gonak” myhman manysynda saklanyp, türkmen halkynyň halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan lälelerde hem açylyp görkezilýär.

“…degmäň gyzyň göwnüne

myhmandyr gonar gider”

Seljukly türkmen döwletiniň hökümdary Alp-Arslan wizantiýanyň hökümdary Roman Diogeni (Mansikert söweşinde ýeňilenligine garamazdan) gapdalynda oturdyp, köp wagt görüşmedik dost ýaly gepleşendikleri barada ermeni çeşmelerinde bellenilýär.

Türkmenleriň myhmansöýer däpleri orta asyr türkmen döwletlerine gelen diplomatlary hem haýran galdyrypdyr. Wenesiýaly diplomat Iosafat Barbaro  ýol ýazgylarynda Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň ony güler ýüz, hoşamaý, kabul edenligini belleýär. Ýewropa hökümdarlarynyň gözlerine seretmekden çekinen ilçiler üçin, Uzyn Hasanyň mylakatly, sypaýy ýanyna çagyryp, öz gapdalynda oturdyp, taýýarlanan dürli nygmatlardan bir saçakdan edil dogan ýaly iýdirip-içirmegi, diplomatyň tejribesinde ilkinji gezek, täsinlikdi.

Kastiliýanyň hökümdary Genrih III tarapyndan  Akgoýunly türkmen döwletine Rui de Klawiho (XV a.) ilçi  hökmünde ugradylýar. Ol öz gündeliginde türkmenleriň myhmansöýerligi barada: ”Her oba öz nagyl-nygmatlary bilen bizi garşy alyp, törlerinde ýazylan haly-palaslaryň üstünde oturdyp, dürli tagamlary hödürlediler. Eger-de myhmanlar uzak wagtlyk gelen bolsalar, onda olara etli naharlary bişirýärler. . .”  diýip belläp geçýär. Şeýle hem Klawiho türkmenlerde  süýt-gatyk onümleriniň bolelinligini belläp, gelen myhmanlara çörek bilen  “ak önümleri” hödürländiklerini  nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygyndaky ýazylan “Bereketli türkmen saçagy” atly kitapda hem türkmenleriň “Öňki döwürlerde myhmana hödür-kerem çal, gatyk ýaly önümlerden başlanypdyr” diýip bellenilýär. Bu bolsa Hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň urp-adatlaryny we türkmenler barada ýazylan taryhy çeşmelerden çuňňur öwrenenliginiň subutnamasydyr.

Görnükli türk alymy Faruk Sumer oguzlaryň aýratyn gylyk-häsiýeti hökmünde myhmansöýerligi belläp geçýär. Bu häsiýet syýahatçylar tarapyndan dürli döwürde beýan edilip XIX asyrda ähli türk dilli halklaryň häsiýetli aýratynlygyny düzüpdir. XIX asyrda türkmen topragyna gelen general G.I.Grodekowyň ýazgylarynda şeýle maglumatlar bar: “Myhmansöýerlik türkmenler üçin mukaddes borç. Islendik adam milletine we dinine garamazdan, türkmeniň öýüne myhman gelende ol öz jan saglygyndan hem emläginden arkaýyn bolup biler”.

XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa syýahat eden Armeni Wamberi işinde türkmenler hakynda şeýle ýazýar: “Dünýäde türkmen halky ýaly myhmansöýer millet ýok. Olar öz Watanynda erkin ýaşaýarlar. Myhman bolup barsaň, gaşlaryny çytman, güler ýüz bilen garşy alýarlar. Türkmenleriň myhmansöýerligini galam bilen ýazyp, söz bilen düşündirmek kyn”. Armeni Wamberi türkmenlerde sylag-hormatyň ýokary görnüşini garyp goja Allanazaryň dulundaky iň soňky geçini  öldürip, myhmanyň öňünde dürli nagyl nygmatlary taýýarlap, goýanlygyny belläp geçýär.   Edmond Donowan (XIX a. 80-nji ýý.) türkmenler baradaky  ýatlamalarynda “Men-türkmenleriň hoşniýetli, myhmansöýerligini aýtmalydyryn” diýipdir. Logofet D.N. (XX asyryň başy) “Adata görä her türkmen, myhmany Alla tarapyndan ugradylan adam hökmünde kabul edip,  ýagdaýyna görä hezzetlemelidir, has abraýly myhmanlar üçin goýun soýmak hökmanylykdyr”.

Türkmenler şu gün hem gelen myhmanyň öňünde saçagyny giňden açyp, hyzmat edip, çaý, nahar goýýarlar. Türkmenlerde ajy doýurmak sogap işi hasaplanylýar. Türkmenleriň görnükli nusgawy edebiýatçylaryň  aýdýan “Ajy doýurmak haçdyr ýaranlar” pikirleri halk nakyllaryna öwrüldi.

Türkmenleriň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan halk döredijiliginiň islendik görnüşinde myhmana goýulýan sarpany görmek bolýar. Türkmenleriň “Gorkut ata” şa dessanynda hem çagasy bolmaýan Derse han açlary doýrup, Allanyň rehimini gazananlygyny bellenilýär.

Türkmen halky ulydan toý tutmagy, myhman kabul etmegi örän gowy görüpdir. Ajaýyp nakyllarymyzda “türkmen urşda janyny, toýda malyny gaýgyrmaz” diýip bellenilýär. Türkmenleriň “Görogly”, “Gorkut ata” we beýleki eposdyr-dessanlara toý tutulanda kyrk gije-gündiz saçak ýazylyp, kyrk gulakly gazanlar atarylyp, ajy doýuryp, nagyl-nygmatlar seçilipdir.

Ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwlary goşgy setirlere siňdirilip, çagalaryna aýdýan ajaýyp hüwdilerinde ogluny ýa-da agtygyny öýermek pursatlaryny dil üsti bilen beýan edipdirler.

Ballym gelýär oýuna,

Don biçeli toýuna,

Sürüde goýun goýman

Öldüreli toýuna.

“Jadyly hünji” türkmenleriň halk ertekisi hem ünsümizi çekip, onda  açy-garyby doýurýan saçak barada bellenilýär. Ýa-da “Ýartygulak” ertekisinde gelen myhmana iň soňky hurşuny öňünde taýýarlap goýan myhmansöýer adamlar barada gürrüň açylýar.

Akyldar Al-Faraby: “Ata-babalarymyzyň at-abraýyna guwanyp, olara meňzemäge çalşan ynsan jemgyýetde üstünlik gazanar we pederleriniň  gazanan abraýyny has-da zyýada eder” diýip belläp geçýär. Şu gün türkmen halky öz taryhy köklerinden uzaga daşlaşýan däldir. Kiçini sylamak, ula hormat goýmak, daş-töweregiň bilen düşünişmek, goňşylar bilen agzybirlikde ýaşamak ýaly asylly däpler ýöredilýär.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, köküni taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orna eýe bolýar.

 

Bahar Mammedowa,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

 Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Anzar  Orazmuhamedow,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň

 kiçi ylmy işgäri. 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika