SIZDEN GELENLER

Diller – üstünligiň açary

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalary edýär. Ylymly-bilimli, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyz halkymyzyň ykbalynyň ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ylmyň we bilimiň ynsana berlen gymmatlyklaryň iň beýigidigini hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadydygyny hiç wagt unutmaly däldirler. Çünki Gün bolmasa nur, kök bolmasa daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz. Ylym egsilmez hazynadyr» diýen sözleri ýaş nesiller üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr.

Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar bilim özgertmelerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biridir. Kompýuter tehnologiýalaryny ýaşlara öwretmek, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir.

Dünýäniň iň täze tejribeleri bilen birlikde, ylym-bilim ojaklarynda ylmyň soňky gazananlary öwrenilýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyz dünýäniň ylmy ösüşleri bilen aýakdaş barýar. Elbetde, dünýäniň ylmy edebiýatlaryny bilmek, okamak üçin dünýä dillerinden habarly bolmak gerek. Bu ugurdan hem ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.

Dünýä dilleri bolan iňlis, rus dillerini, şonuň ýaly-da, ýapon, hytaý, fransuz dillerini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Bu diller boýunça ýörite ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde sapaklaryň geçilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň alan bilimleriniň has-da kämil bolmagyna oňat ýardam edýär. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlarymyz, dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly alymlarymyz has-da köpelýär diýip aýtmak bolýar.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň halkara derejede bolmagy üçin daşary ýurt dillerini bilmekleri hem-de öz pikirini erkin beýan edip bilmek ukybynyň bolmagy zerur. Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz hem bar. Ýaşlaryň kämil bilimli, ylmyň soňky gazananlaryndan doly baş çykaryp, öz saýlan ugrundan gory ýetik hünärmen bolmagy üçin dünýä dillerinden baş çykaryp bilmegi ilkinji nobatdaky zerurlykdyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmek elmydama üns merkezinde saklanýar. Aýratyn-da, rus dili dersini okatmagyň usulyýeti yzygiderli kämilleşdirilýär. Şoňa görä hem çagalara daşary ýurt dilleri heniz çagalar bagyna gatnaýan wagtyndan öwredilip başlanýar.

Bilşimiz ýaly, bilim ojaklarynda rus dili sapagynda okatmagyň interaktiw usuly has köp ulanylýar. Häzirki sanly ulgamyň ösen döwründe terjime sözlükleriň elektron görnüşlerinden hem peýdalanylýar. Bularyň hemmesi rus dilini öwrenmekde ýeňillikleri döredýär. Mundan başga-da, rus dilini öwretmekde bilim edaralarynda multimediýa tagtalary, lingafon otaglary aýratyn orna eýedir. Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullary ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň barha durmuşymyza ornaşmagy täze mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa okuwçylara döwrebap bilim bermekde, esasan, dil öwretmekde hem şeýledir. Kompýuterlerde dürli görkezmeler, audio ýazgylar daşary ýurt dillerini öwrenmekde özüniň oňyn netijesini berýär.

Rus dili dersini okatmak üçin mekdepleriň mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwlary we daşary ýurt professorlary, dilçi alymlary bilen okuwlar guralyp, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda ýokary guramaçylykly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa mekdeplerde rus dili dersini okadýan mugallymlaryň okuw sapaklaryny döwrebap guramaklaryna uly kömek edýär.

Watanymyzyň geljegine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli kemala getirmek, olara döwrebap bilim we milli ruhda terbiýe bermek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Halkymyzyň eşretli we abadan durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

           Firýuza Poltaýewa,

       Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň  rus dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene-de okaň

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri