SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygy

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň düzümlerinde gazanylýan ýokary netijeler nebitgaz senagatynyň işgärlerini ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde ýokary guramaçylykda bellenilýän Türkmenistanyň Halkara bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriň gününiň zähmet üstünlikleri bilen garşylamagyny şertlendirýär. Bu goşa baýramçylyk yzly-yzyna sepleşip gelmek bilen, Türkmenistanyň syýasy we ykdysady garaşsyzlygyny dünýä ýaýyp, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, gazanylýan üstünlikleriň, ägirt uly taryhy ösüşleriň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň, agzybirligiň we bilelikdäki zähmetiň netijesiniň dünýäde ykrar edilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy, bitaraplyk hukuk ýagdaýy, alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty ähli ulgamlar bilen bilelikde nebitgaz toplumynyň düzümleriniň ösüşine uly we giň mümkinçilikler berdi. Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly depginlerini üpjün etmekde oňa ähmiýetli orun berilýär. BMG tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini» üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge gönükdirilip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar olaryň derwaýyslygyny görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, 14-nji maýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy.

Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Halkara duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine ösen tehnologiýalar, täzeçil usullar, öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunda halkara derejede gatnaşyklaryň ösdürilmegine we özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň netijeli özleşdirilmegine giň ýol açýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika diplomatiýasy uly üstünliklere beslenýär. Bu ugurdaky amala aşyrylan taslamalar özüne düşýän gymmaty boýunça amatlydygy, ekologiýa taýdan arassalygy, innowasion tehnologiýalary ilkinjileriň hatarynda tejribä ornaşdyrylýandygy babatda ählitaraplaýyn bähbitliligi bilen dünýä hojalygynyň tiz ösmegine, döwletleriň arasynda ynanyşmak we hyzmatdaşlyk medeniýetleriniň döwrebaplaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Tebigy gazyň baý serişdelerine eýe bolmak bilen, Türkmenistan döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe bolan giň gerimli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri goýulýar, olar pudagy ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ogulgurban Muhammetdurdyýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparyň talyby.

Ýene-de okaň

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny