MEDENIÝET

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mejlisler jaýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň, Ilçihananyň işgärleriniň, Ilçihananyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysynyň we işgärleriniň, pars dilini öwrenijileriň, şeýle hem institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni” dabarasynyň geçirilmegi türkmen-eýran medeni gatnaşyklaryna aýratyn öwüşgin berdi.

Dabaranyň başynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Ilçihananyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy şu geçirilýän dabaranyň dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy taryhyna eýe bolan türkmen-eýran halklarynyň ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini bellediler.

Soňra dabaranyň maksatnamasyny Magtymguly Pyragynyň we Abulkasym Ferdöwsiniň türkmen we pars dillerinde ýerine ýetirilen goşgulary, olaryň goşgularyna düzülen aýdymlar, “Şanama” eserinden pars dilinde parçalar we “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolan küştdepdi tansy düzdi.

Ýene-de okaň

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy