JEMGYÝET

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammitiniň çäklerinde türk alymy, professor Aziz Sanjara Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dünýä derejesindäki türk alymy “Türki dünýäsiniň agzybirligine goşan goşandy” üçin bu baýraga mynasyp boldy.

Türk alymyna baýragyny Türki Döwletleriň Guramasyna başlyklyk edýän Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gowşurdy. Dabara  Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy.

Gyrgyz Lideri çykyşynda Aziz Sanjaryň lukmançylyk hem-de molekulýar biologiýa ylmyna goşan goşandynyň uludygyny belledi.

2015-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Aziz Sanjar 400-den gowrak ylmy makalalaryň hem-de 33 kitabyň awtorydyr.

Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragynyň ilkinjisi 2022-nji ýylda Guramanyň Samarkantdaky sammitinde merhum gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa gowşurylypdy.

Related posts

Türkmenistan Hindistany Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrdy

Adam atlarynyň manysy 01-nji fewral

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy