JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pekin şäherindäki Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular.

Merkezde Sun Sinlin adyndaky gaznanyň çagalaryň saglygyny berkitmek babatda alyp barýan işleri bilen tanşyldy.

Şu ýylyň mart aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşdy.

Sun Sinlin adyndaky gaznanyň işi bilen tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapy Türkmenistandaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem dürli ugurlarda ýola goýulýan we uzak geljegi nazarlaýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň parlamentler derejesinde goldanylmagy dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli kämilleşmegine oňyn täsir edýändigi barada bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär