MEDENIÝET

Türkmen talyby Gazagystanda “Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga mynasyp boldy

Türkmenistanly talyplar Gazagystanda geçirilen III Halkara Türki dünýäsıniň talyplarynyň teatr festiwalyna gatnaşdylar. Bu festiwal türkmen talyplarynyň üstünligi bilen tamamlandy.

Bilşiňiz ýaly, ozal türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren “Gyzyl kürte” çeper filminiň baş gahrymanlaryndan Aýna Jumaýewa kino dünýäsindäki üstünliginiň üstüni teatr sahnasyndaky üstünligi bilen ýetirdi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýna Jumaýewa Gazagystanda geçirilen III Halkara Türki dünýäsıniň talyplarynyň teatr festiwalyna gatnaşyp, bu ýerde-de üstünlikli çykyş etdi. Ol festiwalyň “Iň gowy zenan keşbi” ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.

Türkmen talybyna baýragyny TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew gowşurdy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar topary bu festiwalda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda taýýarlan sahna oýuny bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar.

TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan guralýan bu festiwala 6 döwletden 100-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Däbe öwrülen festiwala Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň wekilleri gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Festiwalyň maksatnamasyna diňe bir ýaş artistleriň sahna oýunlary görkezilmän, eýsem teatr sungatynyň meşhur wekilleriniň ussatlyk sapaklary hem guralýar.

TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew bu festiwal barada şeýle diýdi: Bu festiwal örän uly ähmiýete eýe. Ilkinji nobatda, oňa ýaşlar gatnaşýar, bu hem biziň ýaşlarymyzyň kärlerinde ussatlyk gazanmagyna itergi berýär. Esasy maksady bolsa, türki dünýäsiniň ýaşlaryny birleşdirýär. Olar biziň türki dünýämiziň geljegidir.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri