BIZNES

Aşgabat bilen Tähran söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirer

Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky söwda dolanyşygyny 2028-nji ýyla çenli 3 milliard dollara ýetirmek maksat edinilýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd Tähran şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisinde belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, geçen ýyl söwda dolanyşygy 600 million dollara barabar boldy. Türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinden bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda oňat netijeler gazanyldy. Ulag we üstaşyr geçirmek boýunça strategik ylalaşyl gazanyldy we 2028-nji ýyla çenli iki ýurduň çäginden ýükleriň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini 20 million tonna ýetirmek maksadyna eýe bolduk, diýip, Eýranyň ministri belledi.

Nebitgaz pudagynda hem gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyna ünsi çeken Eýranyň ministri türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek babatda möhüm ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.

Ol söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp, 2028-nji ýylda haryt dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirmek üçin üç ýyllyk hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyny” taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Serhetýaka hem-de sebitleriň hyzmatdaşlygynyň hem möhümdigi bellenilip, serhetýaka söwdany ösdürmek üçin täze özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekilmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder