SPORT

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Türkiýäniň milli futbol çempionatynyň çempiony belli boldy. “Trendyol Süper Lig” çempionatynyň 36-njy tapgyrynda “Galatasaraý” topary öz meýdanasynda “Kaýserispor” topary bilen duşuşdy.

Duşuşykda 3:0 hasabynda üstün çykan “Galatasaraý” topary çempionatyň tamamlanmagyna 2 hepde galandygyna garamazdan, 25-nji çempionlygyny yglan etdi.

89 utuk jemlän “Galatasaraý” topary iň ýakyn garşydaşy “Fenerbahçe” toparyndan aratapawudy 8 utuga çykaryp, 2 tapgyr galanda çempion bolmagy başardy.

Tälimçi Okan Burugyň ýolbaşçylygynda “Galatasaraý” topary Türkiýäniň kubogyny hem gazanyp, möwsümi 2 kubok bilen tamamlady.

“Galatasaraý” toparynyň nigeriýaly hüjümçisi Wiktor Osimhen çempionatda 25 gol geçirdi. Umuman, bu topar bilen 40 duşuşykda 36 gol geçiren Osimhen möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

“Galatasaraý” toparynyň düzümindäki Gabriel Sara, senagally futbolçy Ismail Jakobs, Eren Elmaly, Przemyslaw Frankowsi, Ahmed Kutujy we Berat Luş ilkinji gezek bir topar bilen çempion bolmagy başardy.

Toparyň derwezeçisi Fernando Muslera bu topar bilen 8-nji gezek çempion boldy. Ol “Galatasaraý” toparynda 14 möwsümden bäri çykyş edip gelýär we şu möwsümiň tamamlanmagy bilen topardan gitmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy