SPORT

“PSŽ” topary 13-nji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

Fransiýanyň futbol çempionatynyň çempiony belli boldy. Çempionatyň tamamlanmagyna 6 hepde galandygyna garamazdan, “Pari Sen-Žermen” (PSŽ) topary çempionlygyny yglan etdi.

Çempionatyň 28-nji tapgyrynda “PSŽ” topary “Anže” toparyny 1:0 hasabynda utup, 13-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Çempionatyň tamamlanmagyna 6 tapgyr galdy. “PSŽ” topary 74 utuk bilen birinji orunda bolup, ikinji orundaky “Monako” topary bilen aratapawudy 24 utuga deňdir.

Fransuz toparynyň düzümindäki rus milli ýygyndysynyň derwezeçisi Matweý Safonow hem ilkinji ýylynda çempion bolmagy başardy. Ol Fransiýanyň çempionatyn 8 duşuşykda oýnady.

“PSŽ” topary bassyr 4-nji, umumylykda 13-nji çempionlygyny yglan etdi. Çempion bolmakdan rekord goýan “PSŽ” topary mundan ozal,  1986, 1994, 2013, 2014, 2015, 2016, 2018, 2019, 2020, 2022, 2023, 2024-nji ýyllarda çempion bolupdy.

Häzirki möwsümde fransuz topary ýene-de 3 ýaryşda çykyşyny dowam etdirýär. Olar – Fransiýanyň kubogy, Çempionlar ligsy we toparlaryň dünýä çempionatydyr. Topar 24-nji maýda Fransiýanyň kubogynyň finalynda “Reýms” topary bilen oýnar.

Çempionlar ligasynda çärýek finalda “PSŽ” topary Angliýanyň “Aston Willa” topary bilen oýnar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy