JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler guramaçylykly geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň dünýäniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.

Daşkent şäherindeki «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň kongresler merkezinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň ýubileý mejlisine 190 döwletden, 15 synçy döwletden hem-de 25-den gowrak halkara we parlamentara guramalaryň wekiliýetleri gatnaşýar.

9-njy aprele çenli dowam edýän bu halkara forumda 90-a golaý dürli çäreler we pikir alyşmalar geçirilip, onda durmuş ösüşinde parlamentiň işjeň ornuny artdyrmak hem-de giňeltmek babatda pikir alşylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy doglan güni bilen gutlady