JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 6-njy martynda Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrlandyrmaga itergi berýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Related posts

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Terrorçylykdan azat bolan parahatçylygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksi

vepa

“Altyn köl” – döwrebap dynç alyş zolagy

Ata Watan Eserleri