BILIM

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Erol Ozwaryň ýolbaşçylygyndaky Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýet 21-nji maýdan 24-nji maý aralygynda iş sapary bilen Aşgabatda bolar.

Saparyň maksady, ýokary bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Saparyň çäginde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirilýär. Hususan-da, türk wekiliýetiniň Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdiýewa bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar. Duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministri hem gatnaşar.

Mundan başga-da, ýurduň öňdebaryjy bilim edaralarynyň- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde we D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Wekiliýet üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen haly muzeýine baryp görmegi öz içine alýar. Şeýle hem myhmanlar «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasyna baryp, Türkmenistanyň medeni mirasy bilen tanşarlar.
Bu saparyň ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna garaşylýar.

Related posts

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2022:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri