BILIM

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

Kliniki ordinatura Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň uçurymy okuwyny tamamlan ýylynda, şeýle-de ýokary lukmançylyk hünär bilimi (şol sanda daşary ýurt döwletleriniň bilim hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar edilen) hem-de 3 ýyl iş döwri bolan lukman giriş synagynyň netijeleri we bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Kliniki ordinatura girmek üçin resminamalar 2025-nji ýylyň 1 — 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.

 Giriş synaglary 2025-nji ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçirilýär.

Giriş synagyndan üstünlikli geçen dalaşgärleriň sany kliniki ordinatura kabul ediljek kliniki ordinatorlaryň tassyklanan sanyndan artyk bolan ýagdaýynda, bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşikde uçurymlar we lukmanlar okan ýa-da işlän döwründe tapawutlanan, ylmy we döredijilik bäsleşikleriniň we (ýa-da) halkara olimpiadalaryň ýe­ňijileri, baýrakly orunlaryň eýeleri artykmaç hukukdan peýdalanýar.

Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary lukmançylyk bilimi hakynda diplomynyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary lukmançylyk bilimini daşary ýurt döwletlerinde alanlar degişli diplomynyň Türkmenistanda ykrar edilendigini tassyklaýan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny goşmak bilen);

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— 086/x görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

 — 3×4 sm ölçegdäki dört sany fotosurat; — soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama;

 — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. Bulardan başga-da, kliniki ordinatura girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalara seretmek boýunça iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

 — raýatyň şahsyýetini tassyklaýan resminama;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura Kabul etmegi yglan edýär:

14.01.02 — Endokrinologiýa 4 ýer

14.01.03 — Gulak, burun we bokurdak keselleri 3 ýer

14.01.04 — Iç keselleri 5 ýer

14.01.05 — Kardiologiýa 1 ýer

14.01.06 — Psihiatriýa 1 ýer

14.01.07 — Göz keselleri 3 ýer

14.01.08 — Pediatriýa 7 ýer

14.01.09 — Ýokanç keselleri 4 ýer

14.01.10 — Deri we weneriki keselleri 1 ýer

14.01.11 — Nerw keselleri 2 ýer

14.01.13 — Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş 2 ýer

14.01.15 — Trawmatologiýa we ortopediýa 2 ýer

14.01.16 — Ftiziatriýa 2 ýer

14.01.17 — Hirurgiýa 5 ýer

14.01.19 — Çaga hirurgiýasy 2 ýer

14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 3 ýer

14.01.23 — Urologiýa 2 ýer

14.02.02 — Epidemiologiýa 3 ýer

14.03.11 — Dikeldiş lukmançylygy, sport lukmançylygy, bejeriş bedenterbiýesi, kurortologiýa we fizioterapiýa 1 ýer

Salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58.

Telefon belgileri: 92-67-90, 92-70-86

***

Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş yl­my-­kli­ni­ki mer­ke­zi 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.08 — Pediatriýa 2 ýer

14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 4 ýer

 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Gö­rog­ly kö­çe­si, 80. Te­le­fon bel­gi­si: 36-93-49.

Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my­-kli­ni­ki mer­kez­li has­sa­ha­na 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

 14.01.05 — Kardiologiýa 1 ýer 14.01.26 — Ýürek-damar hirurgiýasy 1 ýer

 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Ata­my­rat Ny­ýa­zow şa­ýo­ly, 192. Te­le­fon bel­gi­si: 36-92-05.

***

 On­ko­lo­gi­ýa yl­my­-kli­ni­ki mer­ke­zi 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.12 — Onkologiýa 9 ýer Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Ar­ça­bil şa­ýo­ly, 22. Te­le­fon bel­gisi: 48-­98-­07.

 Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-­kli­ni­ki mer­ke­zi 2025-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

 14.01.25 — Pulmonologiýa 1 ýer

14.03.09 — Kliniki immunologiýa, allergologiýa 1 ýer

 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 60. Te­le­fon bel­gi­si: 40-03-53

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar