DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Milli Liderimiz şu gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen geçiren gepleşiklerinde geçen ýyl Seulda geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky  pikiriň doly goldanylýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň dowamynda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi we Koreýa tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Related posts

Eýranda Ahaltele atlarynyň gözellik bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanlılar Dayanışma Derneği faaliyetine başlıyor

vepa

Donald Tramp täzeden prezidentlige dalaşgär boldy

Leave a Comment