BILIM

«Akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň jemgyýetçilik başlangyçlarynyň forumyny geçiriler

Milli Liderimiz şu gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşygynda Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ornuna ýokary baha berýändigini belläp, ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini aýtdy.  Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Bu babatda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda häzirki zaman «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň jemgyýetçilik başlangyçlary forumyny geçirmegi teklip edýärin diýip belledi.

Related posts

Türkmenistan bilen BMG bilim hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Ata Watan Eserleri

THE: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriň sanawy-2022

 Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze mekdepler açylar

Leave a Comment