SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda koreý lukmançylyk merkezini açmak teklip edildi

Türkmenistan dürli ugurlar bilen bir hatarda Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen şu gün geçiren duşuşygynda has içgin durup geçdi. Bu dogrusynda Milli Liderimiz möhüm teklibi öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçildi.
Şeýlelikde, biziň lukmançylyk ugrunda hem uly mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Türkmenistanda adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Related posts

Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna girişilýär

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Leave a Comment