BIZNES

Maý aýynda Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksporty 5 göterim artdy

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan 2,73 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport edip, bu baradaky görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5 göterim ýokarlandy. Bu barada “Interfaks” habarlar agentligi Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Maý aýynda Hytaý daşary ýurtlardan jemi 13,51 milliard kub metr tebigy gazy import etdi. Bu maý aýy üçin iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bellenişine görä, koronawirus çäklendirmeleri aradan aýrylandan soň, ýurduň depginli ösüşi göze ilýär.

Şu ýyl geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý ugry boýunça energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Öz gezeginde, HHR-iň Başlygy Si Szinpin “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň iberilişini artdyrmak üçin gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň möhümdigini goldady. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek bolar.

Related posts

Türkmenistanyň telekeçileri “SelectUSA” maýa goýum sammitine gatnaşýar

Oba hojalygynyň iş meýilnamasy: oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek

Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän ikinji zawod gurlar

Leave a Comment