DÜNÝÄ

Türkmenistan Belarus Respublikasyna himiýa önümlerini eksport etmek mümkinçiliklerine eýedir

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyna himiýa önümlerini ibermäge amatly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý ýurdumyzyň resmi metbugatyna beren beýanatynda mälim edýär.
Bellenişine görä, Respublika türkmen pomidoryny import etmek üçin öz bazaryny türkmen tarapy üçin açdy. Şunuň bilen baglylykda bolsa, Belarus Respublikasynda möwsümleýin ösdürilip ýetişdirilýän miwe we bakja önümlerine isleg uludyr.
Ilçiniň mälim etmegine görä, Belarus Respublikasy öz içinde azyk howpsuzlygyny üpjün edýän dünýäde az sanly ýurtlaryň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwlet dürli ugurlarda, şol sanda tohumçylyk we maşyngurluşygy pudaklarynda öz gazanan tejribelerini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýýardyr.
Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, belarus tarapy dürli ugurlarda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işinde türkmen tarapynyň bildirýän ynamyna hoşaldyr we bu babatdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy