SPORT

Mançini Saud Arabystanynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Saud Arabystanynyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.

Italiýanyň sport neşirleriniň habar bermegine görä, italiýaly hünärmene şertnamanyň wagtyndna öň ýatyrylýandygy üçin 30 million ýewro tölener.

Mançini 2023-nji ýylyň awgustynda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenipdi. Soňky 5 duşuşykda saud ýygyndysy diňe bir oýunda ýeňiş gazandy.

59 ýaşyndaky Mançisi mundan ozal Italiýanyň milli ýygyndysyna tälim berdi. Onuň tälimçiliginde italýan ýygyndysy 2021-nji ýylda Ýewropanyň çempiony boldy.

Şeýle hem italýan hünärmen Italiýanyň “Fiorentona”, “Lasio”, “Inter”, Angliýanyň “Mançester Siti”, Türkiýäniň “Galatasaraý” we Russýanyň “Zenit” toparlaryna tälim berdi.

Related posts

29 ýyllyk rekordy täzelendi

Gyşky Olimpiýa oýunlary barada…

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy CAFA-nyň wise-prezidentiligine saýlanyldy