SPORT

Üç klub UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan çykarylar

Bu barada «Sports Rep» neşiri «La Repubblica» esaslanyp habar berýär. Bu hakyndaky gutarnykly kararyň şu hepde yglan edilmegine garaşylýar.

Hemmesiniň sebäbi hem Superliga. Ýeri gelende aýtsak, Superligany Ýewropadaky 12 sany iň oňat futbol klublary ― «Real», «Barselona», «Atletiko» ( hemmesi ― Ispaniýa), «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted», «Liwerpul», «Çelsi», «Arsenal», «Tottenhem» (hemmesi ― Angliýa), «Ýuwentus», «Inter» we «Milan» (hemmesi ― Italiýa) emele getiripdi. Bu ýaryş Çempionlar ligasynyň ornuny tutmalydy, ýöne UEFA ýaryşyň gatnaşyjylarynyň beýleki ýaryşlardan çykarjakdygyny aýtdy.

Şondan soň Superligadan 9 klub çykyp gitdi. Diňe «Barselona», «Real Madrid» we «Ýuwentus» ondan çykmak islemedi. Şol sebäpli UEFA olary Çempionlar ligasyndan aýyrmak isleýär.

 

Türkmen teleýaýlymynda hytaý serialy görkeziler

 

 

Related posts

Şu gije: Döwletjan Ýagşymyradow-Impa Kasanganaý tutluşygy

Futbol boýunça dünýä çempionaty – her 2 ýyldan bolup bilermi?

Çempionlar ligasy Lissabonda oýnalar