SPORT

Kabo-Werde ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Kabo-Werdeniň ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Eswatini toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, dünýä çempionatynyň final bölegine çykmaga hukuk gazandy.

Kabo-Werdeniň ýygyndysy 10 oýundan soň 23 utuk bilen toparynda birinji orny eýeledi. Bu Kabo-Werde ýygyndysynyň ilkinji gezek dünýä çempionatynda gatnaşýandygyny bellenýär.

Kabo-Werdeniň ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan 22-nji milli ýygyndy boldy. Mundan ozal, Meksika, ABŞ, Kanada (ählisi — çempionaty guraýjy ýurtlar), şeýle hem Ýaponiýa, Eýran, Günorta Koreýa, Iordaniýa, Awstraliýa, Özbegistan, Täze Zelandiýa, Argentina, Ekwador, Braziliýa, Kolumbiýa, Urugwaý, Paragwaý, Marokko, Tunis, Müsür, Alžir we Gana ýygyndylary gatnaşmaga hukuk gazandy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş eder. Ýaryş 11-nji iýundan 1-njy iýula çenli geçiriler.

Related posts

Transfer täzelikleri: Lewandowski ahyry “Barselona” geçýär

Tehnika babatda iñ güýçli futbolçylar

“Sporting” topary 20-nji gezek Portugaliýanyň çempiony boldy