Injir hakda kelam agyz

Ösümlik we haýwanat dünýäsi janly tebigatda özboluşly orny tutýar. Ýaşaýşynyň dowamynda biri – biri bilen  aýrylmaz baglanşykly bolýar.  Esasan hem tebigatda ösümlikleriň gülleri mör – möjekler arkaly tozanlanýar. Bu hadysa ylymda “entomofiliýa” diýilýär. Emma ösümlikler dünýäsinde injir agajy beýleki agaç görnüşlerden düýbünden tapawutlanýar. Injir agajy beýleki gülli ösümlikler ýaly gülleýär ýöne, onuň gülüni göz bilen görip bolmaýar. Injiriň güli daragtyň ýapraklarynyň goltugynda gysgalan baldagyň ujynda armyt şekilli emele gelme hemmämize tanyşdyr.  Biz oňa injir miwesi diýýäris ýöne, injir güllerini şol miwäniň içinde ýerleşýär. Bir sany armyt şekilli injir miwesinde 800-1500 çenli gülleriň  emele gelýändigi hakynda käbir maglumatlarda duş gelmek bolýar. Injiriň miwesini iýen wagtymyz  ownujak digir-digir  tohumjyklara duş gelýäris. Bu bolsa injiriň hakyky miwesi ýagny oňa “hozjagazlar” diýilýär. Injir agajy bir ýylda üç gezek gülleýär we üç görnüşli gülleri emele getirýär.

Şeýlelikde injiriň beýleki miwe berýän agaçlardan tapawudy, tozanlanma hadysasyna arynyň ýörite bir görnüşi gatnaşýar. Injir gülini tozanlandyrýan ara “blastofag” hem diýilýär. Injir  arysynyň ýaşaýşy  injir agajy bilen berk baglanşykly. Arynyň ululygy bary ýogy  1-2 mm deň. Şol sebäpden  blastofag diňe injir güllerini tozanlandyrýandygy üçin   ylymda bu hadysa “kaprifikasiýa” diýilýär. Miweleriň emele gelmegi üçin, injir arysy injiriň güýzde düwen miweleriniň içinde we toprakda  gyşlaýar.  Ir ýazda bolsa  injir miwesini deşip içine girýär. Miwäniň galyň gabygyny deşip  içine girende injir arysy özüniň ganatlaryny we murtyny ýitirýär. Şol sebäpli ýumurtga goýan ene ary miweden çykyp bilmeýär. Sebäbi ol uçmaga ukypsyz bolýar. Şeýlelikde injir arysynyň ýumurtgalaryndan ilki atalyk jynsly arylar çykýar we enelik jynsly arylara ýumurtgadan çykmagyna, iýmitlenmegine kömek edýär. Şeýlelik-de  güllerinden injir arysynyň nesli ýetişip ýumurtga goýmak üçin başga gülleriň  gözlegine çykýar, şol döwürde injiriň ikinji gezek güllän döwrüne gabat gelýär. Arylar bedenine tozan dänejiklerini ýapyşdyryp höwürtgesinden çykyp gidýär. Emma atalyk jynsly arylar injir miwesiniň içinde galýarlar. Sebäbi olar ganatsyz we kör dogulýarlar . Injir miwesiniň içinde arylar  ölýär, olary özleşdirmek üçin miwäniň içinde proteaza fermentini saklaýan  “Fisin” maddasy bölünip çykýar. Onuň täsirinde ölen ary galyndylary beloga öwrülýär.

Häzirki döwürde bu iki organizmiň arasyndaky gatnaşygy “Tropiki tokaýlary öwrenýän Kornella we Simitsonian” instituty içgin öwrenipdir.   Biologlar  ýörite barlag geçirip görenlerinde, ary injiriň gülini tozanlandyrman diňe ýumurtgasyny goýup gitse injir agajy aryny jezalandyrýar. Tozanlanmadyk injir miwesini dökýär. Tozanlanmadyk enelik güllerde ýumurtgadan çykan  liçinkalar we güller ölýär. Şunuň ýaly görkezijiler iki organizmiň arasyndaky uzak ewolýusion simbiotik gatnaşyklaryň bardygynyň subutnamasydyr. Bu iki organizmiň arasynda dogryçyllygyň inçe usulynyň saklanmagy  biri-birini egoistiki ulanmaklyga ýol bermeýär diýip,  netijä gelipdirler.

Mundan başga-da “blastafag” injir arysynyň morfologiki gurluşy örän täsin.   Sebäbi ownujak mugtuhor injir arysyny dünýäniň  ylmy barlag institutlarynda içgin öwrenýärler. Muňa mysal edip,  Hindistanyň  Banglordaky  ylmy barlag institutyny aýtmak bolýar. Ol ýerde barlagy alyp baran doktor Namrata Gundia köp sanly barlaglary geçirdi. Injir arysyny öwrenende injir arysynyň ýumurtga goýjysy gurluşyny öwrenipdirler. Ýagny arynyň buraw şekilli ýumurtga goýjysyny miwäni  deşende miwäniň içki himiki gurşawyny barlaýar Ýumurtga goýjysy  mikroskopiki senser  wezipesini ýerine ýetirýär. Ýumurtga goýujy mikroskopik ululykda bolup 7-8 mm, ini 15 mikrometr ulylykda. Injir arysynyň buraw şekilli ýumurtga goýujy iňňesiniň hemme ýerinde deşjekler bolup, berklik we maýyşgaklyk berýär. Iňňäniň döwülmezligine we eplenmegine kömek edýär. Geljekde injir arysynyň ýumurtga goýjysyny öwrenmek arkaly mikrohirugiki tehnikany, topragyň we gaty dag jynslaryndan  nusgalaryny almak üçin mümkinçilik berer diýip, pikir edýärler. Mundan başga-da arynyň daşky gulyşyny öwrenmekligiň esasy sebäbiniň bardygyny  bilermenler belläp geçýärler.  Blastofagyň ýumurtga goýujysy ösüntgili böleklerden durup ýumurtgany iteklemäge kömek edýär. Bu funksiýany gelejekde ylymda dokumalary kesmekde ulanyljak enjama başlangyç berer diýip, ylmy barlagy alyp barýanlar belläp geçýärler. Ýene-de ýumurtga goýujynyň ujy sink elementinden durýandygyny alymlar anyklapdyrlar. Şeýlelikde  sink elementini  bioabsorbirleýji, ýürek diwarlarynyň inplantanty üçin mümkinçilik berer diýip, belleýärler. Londonyň imperator kollejinde bilermenler blastofag arysynyň gurluşyny öwrenip şonuň esasynda newrologik zond oýlap tapdylar. Şeýlelik-de dünýäde blastofag arysyny öwrenýän bilermenleriň  aýratyn hem Hindistanyň ylmy instituty mör-möjegiň şeýle mümkinçiligi dünýäni özgertjekdigine garşy gitmeýärler.                                                                   

Maýa HAJYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň  mugallymy.

 

Related posts

Germaniýada okamak üçin bilmeli esasy şertler haýsylar?

Malaýziýada okamak üçin bilmeli esasy şertler haýsylar?

Fransuz dilini öwrenmek üçin näme etmeli?

Çagaňyzy türkmen-türk mekdebinde okatmak üçin näme etmeli?

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyk geçirdi

Türkmenistan bilen Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň we Eýranyň uniwersitetleriniň arasynda ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

Metbugat sapary-2: Balykesiriň syýahatçylk mümkinçilikleri

Metbugat sapary-1: türkmen žurnalistleriniň Türkiýä metbugat sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze saglyk merkezleri açyldy

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Nawi Pilleý boldy

Türkmenistanda täze halkara saglyk merkezleri döredildi

Putin bilen Trampyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesi örän möhüm ähmiýete eýedir

Ronaldo karýerasyndaky 980-nji goluny geçirdi

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentini gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy