SPORT

Iň köp gazanan zenan türgenler

Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka soňky bir ýylyň dowamynda gazanan 37,4 million dollar möçberindäki girdejisi bilen dünýäniň iň köp gazanan zenan türgeni boldy.

”Forbes” žurnaly zenan türgenleriň aýlyk haklary, hemaýatkärlerden gazanan girdejileri we beýleki girdejilerini hasaplap, iň köp gazanan türgenleriň sanawyny taýýarlady. Şol sanawda kerweniň başyna ýapon tennisçi geçdi.

Ol 4 ýyldan bäri bu sanawda öňdeligi eýeläp gelýän ABŞ-ly tennisçi Serena Uilýamsdan öňe saýlandy.

Şeýle hem Osaka 2015-nji ýylda 29,7 million dollar girdeji gazanan rus türgen Mariýa Şarapowa hem öňe saýlanyp, ähli döwürleriň iň köp gazanan türgeni boldy.

ABŞ-daky we Awstraliýadaky açyk çempionatynda ýeňiji bolan ýapon tennisçi 2018-nji ýylda 24.3 million dollar gazanypdy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy