TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň “Xiaomi” tehnologiýa kompaniýasynyň elektrikli ulagy satylyp başlandy

Şereketiň “SU7” diýip atlandyran elektrik awtoulagy, satuwa çykarylandan soň ýarym sagadyň içinde 50 müň birlik satyldy.

Hytaýly smartfon we elektron enjam öndürijisi “Xiaomi” kompaniýasy täze döredilen elektrik ulagy modeli bilen awtoulag bazaryna girdi. Kompaniýa Pekinde geçirilen çärede “SU7” atly elektrik sport awtoulag modelini hödürledi.

“Xiaomi” -niň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Sýun tanyşdyryş dabarasynda bu awtoulagyň satuwa çykarylandygy yglan edilenden soň ýarym sagadyň içinde 50 müň birlik satylandygyny habar berdi.

Leý täze modeliň batareýa diapazonynyň 700 kilometre barabardygyny, bu “Tesla Model 3” ulagynyň görkezijilerine deňdigini we tehniki aýratynlyklarynyň 90 göteriminiň “Teslanyň” modelinden has gowudygyny öňe sürdi.

Aýratynlyklaryna görä 3 wersiýada çykan awtoulagyň başlangyç bahasy takmynan 29 müň 900 dollar hökmünde kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler