MEDENIÝET

Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy bolar

2-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň 5-nji fewralynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyny mynasyp derejede geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Zenanlara pul sowgatlary gowşurylýar

Täze show gepleşik : Ata Watan Ýyldyzlary

Ilon Maskyň durmuşy barada film surata düşüriler