MEDENIÝET

Täze show gepleşik : Ata Watan Ýyldyzlary

Täze show gepleşik öz işine başlady. Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty  “Ata Watan Ýyldyzlary” ady bilen täze show gepleşigi tomaşaçylaryna hödürleýär.

“Ata Watan Ýyldyzlary “ adyndaky täze show gepleşigi Atavatan TV You Tube kanalynda öz tomaşaçylaryna garaşýar! Pälwan Muhyýewiň alyp barmagynda geçirilýän show gepleşiginiň ilkinji sanynyň ýyldyzy, belli aýdymçy we kinoaktýor Söhbet Kasymow!  Jemi 30 minutlyk gepleşik 3 bölümden ybarat bolup, gepleşigiň ilkinji bölüminde gyzykly sorag-jogaplar berilýär. Gepleşigiň ikinji sany “Howa-Ýok”, üçünji sany bolsa “Rifmalar” diýlip atlandyrylypdyr.

Täze show gepleşik Makul Sözlük (www.makulsozluk.com) we Makul Hyzmat Terjime merkeziniň hemaýat bermeginde taýarlanylýar.  “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň täze show gepleşigi hepde-de bir gezek öz tomaşaçylaryna ýetiriler! Gepleşigiň indiki sanynda bolsa  aýdymçy ýigidimiz Ahmet Atajanow bilen gurnalan gyzykly  söhbetdeşlik Size garaşýar!

Gepleşige dolulygyna tomaşa etmek üçin şu ýere basyň!

 

Rüstem Hallyýew – sungata baglanan ykbalym!

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi