DÜNÝÄ

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasy açyldy

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy.

Çärä Türkmenistandan gelen wekiliýet, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugry häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda dünýäde medeni gepleşikleriň orny we ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa, ýurtlaryň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we aç-açanlyk esasynda gurnalýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyna ýardam edýän intellektual meýdança bolup çykyş edýär.

Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary akyldar Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, päklige we agzybirlige çagyrýan eserleriniň bütin adamzat bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny bellediler. Onuň onlarça dillere terjime edilen şygyry, dünýädäki millionlarça okyjylaryň ýüreklerine ýaň salýar.

Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze, Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynyň açylmagy gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmenleriň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmagyna, şeýle hem oňyn ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň we iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Çäräniň soňunda türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlary ýaňlandy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy