TEHNOLOGIÝA

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Astana Hub” merkezine baryp gördüi. Bu ýerde “Alem.AI” emeli intellekt merkeziniň konsepsiýasy tanyşdyryldy.

Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministri Žaslan Madiýew merkezde “Tomorrow School” we “Tumo Education” mekdepleriniň açyljakdygyny aýtdy. Bu ýerde programmirleme endikleri, robot we beýleki döredijilik tehnologiýalary boýunça 1000-den gowrak mekdep okuwçysyny, şeýle hem bir ýylda 1000-den köpräk ýokary hünärli hünärmen taýýarlamak meýilleşdirilýär.

– Öňdebaryjy halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş döretmegi tabşyrýaryn. Bu, institusional gurşawymyzyň iň gowy global ülňüler bilen utgaşmagyny üpjün eder – diýip, gazak Lideri bu ýerde geçiren iş maslahatynda belläp geçdi.

Mundan başga-da, Kasym-Žomart Tokaýew şeýle diýdi:

– Bilime we innowasiýa esaslanýan ykdysadyýet gurmak zerur. Tehnologiki we ykdysady taýdan ösen ýurt bolmak üçin ilki bilen adam kapitalynyň, sanlylaşdyrmagyň we emeli intellektiň ösmegine aýratyn üns bermek möhümdir. Indi tutuş adamzat sanly dünýäde ýaşaýar. Hünärmenleriň pikiriçe, emeli intellekt tehnologiýasynyň täsiri ýylsaýyn ýokarlanar.

 

“Atavatan Media” dünýäde ilkinjileriň hatarynda “SORA” emeli intellekt bilen täze wideo döretdi

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi