DÜNÝÄ

‘Forbes” ýakynlaşýar

Gazagystanly işewür, «Forbes Kazakhstan» we «Forbes Georgia» neşirleriniň baş redaktory Armanjan Baýtasowyň aýtmagyna görä, bu meşhur Žurnaly özbek dilinde hem neşir etmek üçin ygtyýarnama alyndy.

«Forbes Kazakhstan» Žurnaly tarapyndan guralan söhbetdeşlikde işewür özbek «Fotbes Uzbekstanyň» ilkinji sanynyň geljek ýylyň mart aýynda neşir ediljekdigini aýtdy. Işewüriň aýtmagyna görä, bu tutum «Forbesiň» Merkezi Aziýadaky meşhurlygyny has-da artdyrar.
Neşiriň Özbegistandaky redaksiýasy Daşkent şäherinde ýerleşer. Elbetde, täze Žurnalyň sahypalarynda özbek işewürliginden hem täzeliklere, göwrümli söhbetdeşliklere orun berler. Žurnal bilen birlikde, öz we rus dillerinde saýtyň işi hem ýörediler.

Related posts

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy welosiped ýörişini gurady

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ : Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçiriler

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar