DÜNYA

«Forbes» ýakynlaşýar

Gazagystanly işewür, «Forbes Kazakhstan» we «Forbes Georgia» neşirleriniň baş redaktory Armanjan Baýtasowyň aýtmagyna görä, bu meşhur Žurnaly özbek dilinde hem neşir etmek üçin ygtyýarnama alyndy.

«Forbes Kazakhstan» Žurnaly tarapyndan guralan söhbetdeşlikde işewür özbek «Frtbes Uzbekstanyň» ilkinji sanynyň geljek ýylyň mart aýynda neşir ediljekdigini aýtdy. Işewüriň aýtmagyna görä, bu tutum «Forbesiň» Merkezi Aziýadaky meşhurlygyny has-da artdyrar.
Neşiriň Özbegistandaky redaksiýasy Daşkent şäherinde ýerleşer. Elbetde, täze Žurnalyň sahypalarynda özbek işewürliginden hem täzeliklere, göwrümli söhbetdeşliklere orun berler. Žurnal bilen birlikde, öz we rus dillerinde saýtyň işi hem ýörediler.

Related posts

Türkmenistan gemi inşaatına başlıyor

vepa

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da açık alanda maske zorunluluğu kalkacak