DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Azerbaýjanda saparda bolar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian geljek hepde Azerbaýjanda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyna (СOP-29) gatnaşmak üçin Bakuda saparda bolar.

Bu barada Eýranyň Prezidentiniň Diwanynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça bölüminiň müdiri Habibulla Abbasi “IRNA” habarlar gullugyna habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (СOP-29) 11-22-nji noýabr aralygynda Azerbaýjanda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň ýanynda saýlaw uçastogy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkiýede mekdepler 20-nji fewralda açylar