DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Eýrandaky diplomatik wekilhanalaryndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi

Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.

Mälim bolşy ýaly, 19-njy maýda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň dikuçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de döwlet Baştutanynyň aradan çykmagy zerarly ýurtda 5 günlün ýas yglan edildi.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Kamboja Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek başlangyjyny goldady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNOPS arasynda ähtnama gol çekildi