DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uly elektrikli uçarynyň synagy

Dünýäniň iň köp ýolagçy kabul edýän elektrik togy bilen işleýän “MagniX” uçarynyň synag uçuşy amala aşyryldy. häzirki wagtda elektrik togy bilen işleýän ulaglar kem-kemden durmuşa ornaşyp başlady.nobat elektrikli uçarlarda.

“Daily Mail” britan neşiriniň habar bermegine görä, 9 ýolagça niýetlenen bu uçaryň synag uçuşy amala aşyryldy. “MagniX” kompaniýasynyň uçarynyň ABŞ-nyň Waşingtonda şäherinde amala aşyrylan uçuşy 30 minut dowam etdi. 2021-nji ýyldan başlap, bu uçary 160 kilometr uzaklykdaky gatnawlarda ulanmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan Roei Ganzarski öňümizdäki 15 ýylyň dowamynda elektrikli uçarlar bilen 1600 kilometr menzil aşmagyň mümkin boljakdygyny belledi.

Related posts

Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny goldaýar

Türkmen-özbek syýasy geňeşmeler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri arasynda duşuşyk geçirildi

vepa