SPORT

Çempionlar ligasy: “Siti” “Bawariýany” ýeňdi

UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň duşuşyklaryna badalga berildi. Ilkinji günüň duşuşygynda “Mançester Siti” bilen “Bawariýa” duşuşdy. Angliýada geçirilen duşuşykda “Mançester Siti” topary garşydaşy Germaniýanyň “Bawariýa” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

Iňlis toparynda 27-nji minutda ispan Rodri, 70-nji minutda portugaliýaly Bernadro silwa we 77-nji minutda bolsa, norwegiýaly Erling Holand tapawutlandy.

Bu möwsümde ähli resmi duşuşyklarda 45 gol geçiren Erling Holand ähli ýaryşlarda iň köp gol geçiren Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynyň futbolçysy boldy.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda bolsa, Italiýanyň “Inter” topary Portugaliýanyň “Benfika” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Italýan toparynda 51-nji minutda Nikola Barella we 82-nji minutda 11 metrlik jerime urgusynda Romelu Lukaku tapawutlandy.

Jogap duşuşyklary 19-njy aprelde geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar