SPORT

BAE-li ýaş welosipedçiler Aşgabatda türgenleşýärler

Şu gün Abu-Dabi welosiped klubynyň ýaş welosipedçiler topary Türkmenistana geldi. Bu barada birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Berlen beýanata görä, olar Türkmenistanyň welosiped federasiýasy bilen bilelikde Aşgabatda bu welosipedçiler üçin ýörite döredilen sport lagerinde – Olimpiýa şäherçesinde türgenleşerler we paýtagtyň ýollarynda welosiped sürerler.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem Abu Dabi welosiped klubynyň wekiliýeti Aşgabada gelipdi. Wekiliýet Olimpiýa şäherçesindäki birnäçe sport desgalaryna, şol sanda welotrek, türgenleriň sagaldyş merkezine, dürli muzeýlere we atçylyk merkezine baryp görüpdi.

Iki ýurduň arasynda sport pudagynda, esasan hem welosiped sporty ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy