BIZNES

Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrar

Gyrgyzystan geljek ýyl Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirýär. 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kilowat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär.  Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew “RIA Nowosti” habarlar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyzystan häzirki wagtda Türkmenistandan we Russiýadan elektrik energiýasyny satyn alýar.

– Meýilleşdirişimiz ýaly, “InterRAO” (Russiýa)  ýylyň ahyryna çenli takmynan 1,5 milliard kilowat elektrik energiýany üpjün eder. Türkmenistandan 1,6 milliard kilowat elektrik energiýasy alnar. Geljek ýyl Türkmenistandan 1,7 milliard import etmegi meýilleşdirýäris “-diýip, ministr belledi.

Related posts

Türkmen Liderden Vietnam Yeni Cumhurbaşkanına kutlama

vepa

Türkmenistanyň welaýatlarynda mineral dökünler üçin ammarlar gurlar

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosini satyn aldy

Leave a Comment