JEMGYÝET

Aşgabatda türk tagamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy paýtagtymyz Aşgabatda türk tagamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny gurnady. Bu çäre Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen maşgalasy Emine Ärdoganyň başlangyjy hem-de howandarlygynda geçirilýär.

Bu dabarada Türkiýäniň meşhur tagamlarynyň taýýarlanyş usullary barada maglumat berildi. Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň gurnamagynda geçirilen dabara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Žurnalistleriň hem gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş eden ilçi Togan Oral eden çykyşynda: “Her bir türk tagamy taryhy tejribämiziň yzlaryny özünde jemleýär. Ol dürli dinleriň, etniki kökleriň we dürli medeniýetleriň ýaňsymasyny emele getirýär. Türk tagamlary – asyrlar boýy alawlap duran paýhas ojagydyr. Şu jähtden, türk tagamlary dünýä ýurtlarynyň tagamlarynyň arasynda aýratyn orna eýe bolup durýar. Tiz tagam medeniýetiniñ bütin dünýäde giňden ýaýraýan häzirki döwründe, şypaly türk tagamlarynyň taýýarlanyş usuly dünýä üçin aýratyn zerur bolup durýar. Şoňa gorä-de, “Asyrlyk tagamlarda türk aşhanasy” kitaby, biziň ägirt uly baýlygymyz bolan türk tagamlaryny dünýä ýaýmak ugrunda ädilen uly ädim bolup durýar” diýip belledi.

Dabarada ilçi Togan Oralyň özi hem tagamlaryň taýýarlanyş pursatlaryna gatnaşdy.

 

 

Türkmenistandan Stambul ugurly ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär