DÜNÝÄ

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Italiýanyň Premýer-ministri Jorjiýa Meloni Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileýe öz ýurdunyň raýatlygyny berdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär. Argentinanyň Prezidenti Italiýada saparda bolýar.

Argentinanyň Prezidentiniň Italiýa bilen baglanyşykly tarapy bar. Onuň kakasynyň ugry boýunça enesi we atasy Italiýanyň Kalabriýa sebitinden bolup, soňra Argentina göçüp barypdyrlar.

Şunuň bilen baglylykda, Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileýe Italiýanyň raýatlygy berildi. Şeýle hem onuň kiçi gyz dogany Karina hem bu raýatlygy aldy.

Mileýden ozal Argentinanyň ozalky Prezidenti Maurisio Makriniň hem iki raýatlygy bar. Ol hem italiýaly immigrantyň ogly. Makri 2015-2019-njy ýyllarda Argentinanyň Prezidenti boldy.

Argentinanyň Konstitusiýasynda döwlet baştutanlaryna ikinji raýatlyk almagyna gadaganlyk ýok.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy