JEMGYÝET

Türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 84 desga ulanmaga berler

Hormatly Prezidentimiz Ministrler kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara taýýarlyk görlişi hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanşykly meselelere garaldy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe hem-de ýurdumyzda giň gerimde geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk ýokary derejede görmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň 84-siniň ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hem täze desgalary bina etmegiň ýokary hilini üpjün etmek we olaryň gurluşyk möhletleriniň berjaý etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin gurulýan şeýle döwrebap binalaryň paýtagtymyza Aşgabatda 27-siniň, Ahal welaýatynda 16-synyň, Balkan welaýatynda 5-siniň, Daşoguz welaýatynda 13-siniň, Lebap welaýatynda 11-siniň, şeýle hem Mary welaýatynda 12 sany desgalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak iri önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanylmaga berilmegiň zerurdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Ulanmaga beriljek desgalaryň hatarynda orta mekdepler, çagalar bagy, önümçilik desgalary, ýyladyşhanalar hem-de beýleki maksatly binalar bar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar