JEMGYÝET

Gözleg

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Gözledim nämedir bir zat,

Düşnüksiz beýan ederden.

 

Belki, ol sen hakda arzuw,

Geljek güýze ganat beklän,

Umytlarmyň ynamyndan,

Sözlerimi söýgä beslän.

 

Belki-de ol pikirlerden,

Gözlemäge ýokdur esas,

Şonda-da men bu ahwaldan,

Göwnümi etmedim halas.

 

Belki-de duýgymyň düýni,

Hyýalyň erkin alandyr,

Pikirlerim maňa däl-de,

Belki-de saňa aýandyr.

 

Bu syrmydyr ýa-da sowal,

Jogap gözledim güýzlerden,

Karar tapan bolsa gerek,

Göwnüm gözlegden, gözleňden.

 

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Belki seni tapandyryn,

Ýazan söýgi setirlemden.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Astana sammitinde çykyş etdi

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agza bolar

Türkmenistan’ın spor inisiyatifleri BM gündeminde

vepa