JEMGYÝET

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agza bolar

Şu gün Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammiti geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gataşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde eden çykyşynda bu mejlisi diňe bir synçy ýurduň wekili däl-de, şol bir wagtda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde gatnaşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň indiki gezek gelmegi bilen Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwlet hökmünde kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri nesip bolsa Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, eýýäm Türki Döwletleriň Guramasyna hakyky agza hökmünde siziň ähliňze garaşýar diýip, belledi.

Related posts

Türkmenistanyň Içeri işler ministrine käýinç yglan edildi

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Leave a Comment