ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (APEC) sammitine gatnaşmak üçin Hytaýyň Şençžen şäherine bardy.
Sammitiň çäklerinde Trampyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
ABŞ-nyň Prezidentiniň uçarynyň Baoan halkara howa menziline gonan pursatlary Fox News teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi.
Amerikan liderini garşylamak üçin gyzyl haly düşeldi. Howa menzilinde ony dabaraly harby orkestr, şeýle hem ABŞ-nyň we Hytaýyň baýdaklaryny we gül desselerini göterýän adamlar garşylady.
Trampy uçaryň ýanynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin garşy aldy. Soňra orkestr ABŞ-nyň we Hytaýyň döwlet senalaryny ýerine ýetirdi.
Üç lideriň duşuşygy 19-njy noýabra meýilleşdirildi
Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň ozal habar bermegine görä, üç ýurduň liderleriniň duşuşygyny geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Peskow şeýle diýdi:
«19-njy noýabrda Prezident Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin we Prezident Tramp arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Duşuşyk Şençžen şäherinde APEC sammitiniň çäklerinde geçiriler».
