DÜNÝÄ

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Şu ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler.

Aşgabadyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu söwda-dynç alyş merkeziniň “Arkaç” kinoteatrynda 6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly animasiýaly multfilmi tomaşa etmäge çagyrylýar.

Bu multfilm 2021-nji ýylda surata düşürildi we onuň režissýýory Alessandro Rakdyr. Multfilm italýan dilinde bolup, iňlis dilinde subtitr bolar.

Şeýle medeni çäreler Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-28-nji noýabrynda Aşgabatda “Italýan tagamlarynyň hepdeligi” geçirilipdi.

Related posts

Emeli aňda haýsy ýurt birinji orunda durýar?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 17-nji “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

10 ýylda 1 milliard düýp bag nahaly oturdylar

Ata Watan Eserleri