DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Telefon söhbetdeşliginde daşary gatnaşyklar bölümleriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň guralmagy, şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde ikitaraplaýyn görnüşde aragatnaşyklaryň dowam etdirilmegine aýratyn üns berildi.

Ministrler sebit we halkara gün tertibinde möhüm hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini we zerurdygyny bellediler.

Related posts

Gondurasyň ilkinji zenan Prezidenti

Ata Watan Eserleri

Ýapon Imperatory ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar

Sanayi alanında atamalar gerçekleşti

vepa