BIZNES

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy bilen “Sino Hydro Bureau 12. Co., Ltd.” kompaniýasynyň Ýewraziýa wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtomobil ýoluny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu awtomobil ýoly 450 kilometre barabar bolup, goşmaça 35 kilometr ýoly hem gurmak meýilleşdirilýär.

Täze awtomobil ýoly taslamasynyň halkara ülňülerine laýyk gelip, sebitiň iň giň ýollarynyň birine öwrüler. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli şertler dörediler.

Gurluşykda häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylyp, awtomobil ýolunyň ýokary hilli we uzak möhletli bolmagy üçin asfaltlar, sintetiki örtükler we ýöriteleşdirilen armaturalar ulanylar.

Deslapky çaklamalara görä, taslamanyň bahasy 2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolar. Gurluşyk daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly amala aşyrylar we hususy kärhana tarapyndan amala aşyrylar.

Related posts

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

Döwrebap elektrik bekedi işe girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär