DÜNÝÄ

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-kuweýt gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýändigi bellenilip, köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde taraplaryň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge bolan meýiller tassyklanyldy.

Katar Döwletiniň wekiliýetiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy