Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata halkara ölçeglere laýyklykda stomatologiýa we bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerinde innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap bejeriş-öňüni alyş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän 80 orunlyk Stomatologiýa merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakynda Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata halkara ölçeglere laýyklykda häzirki zaman lukmançylygynda ýetilen sepgitlere esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen onkologiýa kömeginiň berilmegini guramak hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işini bes edip, onuň binýadynda ministrligiň garamagynda 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakynda Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap pediatriýa kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde hojalyk hasaplaşygynda işleýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakynda Düzgünnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
