SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Owganystana lukmançylyk kömegi

Türkmenistandan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde berilýär. Munyň bilen baglanşykly Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejesinde hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde iberiljek lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bolsa ähli ýardamlary bermek tabşyryldy.

Related posts

Türkiýäniň ilaty 85,3 million adamdan geçdi

Aşgabat bilen Parižiň arasyndaky awiagatnawlar täzeden ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri