SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hazar deňzi boýunça täze çäklendirme

Dünýädäki we sebitdäki durnuksyz epidemiologiki ýagdaý sebäpli Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda dynç almak we suwa düşmek üçin çäklendirmeler möhleti uzadyldy. Bu barada “Orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak hem-de suwa düşmek çäklendiriler.

Mundan ozal, Türkmenistanyň çägine täze görnüşli koronawirusyň getirilmeginiň we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak we suwa düşmek şu ýylyň 15-nji maýyndan 31-nji awgustyna çenli çäklendirilipdi.

Türkmenistanda halkara uçuşlarda we içerki demir ýol gatnawlarda çäklendirmeler 1 Oktýabr 2020 senesine çenli getirildi we bular barada saýtymyza yzygiderli habarlar ýerleşdirilip gelinýär.

Çäklendirme barada habarlar

Halkara gatnawlarda Stambuldan soňra beýleki ugurlar

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy